Aşgabat: Türkmenistan, 1995. — 139 s. Ýazyjy Ata Durdyýew özüniň bu romanynda öz iliniň garaşsyzlygyny , özbaşdaklygyny , azatlygyny baýdak edinen watançy Keýmir bilen jeňparaz Nediriň häsiýetlerini çeper obrazlaryň, epizodlaryň , wakalaryň üsti bilen açyp görkezýär. Keýmiriň esasy ýaragy dili bolupdyr. "Sözlemäni başarana horluk ýok" diýen Keýmir, köp gowy işleri bitiripdir....
Aşgabat: Türkmenistan, 1972. — 210 s. B.Seýtäkowyň rewolýusion göreşlerden we taryhy wakalardan doly "Doganlar" atly romany diňe bir türkmen okyjylaryna däl, eýsem ozalky Sowet Soýuzynyň ençeme okyjylarynada tanyşdyr. TSSR-iň Halk ýazyjysy, Magtymguly baýragynyň laureaty B.Seýtäkowyň adybir üçlemeleriniň içinden eriş-argaş bolup geçýän gahrymanlar we okyjylar onuň "Bedirkent"...
Aşgabat: Türkmenistan, 1988. — 168 s. B.Seýtäkowyň rewolýusion göreşlerden we taryhy wakalardan doly "Doganlar" atly romany diňe bir türkmen okyjylaryna däl, eýsem ozalky Sowet Soýuzynyň ençeme okyjylarynada tanyşdyr. Bu gün toparymyzda romanlar toplumynyň ilkinji tomuny siz bilen paýlaşmagy makul bildik. Toparymyzdan daşlaşmaň, ýakyn günlerde romanyň ähli tomlaryny toparymyzdan...
Aşgabat: Türkmenistan, 1978. — 144 s. Bu gün belli ýazyjymyz Arap Gurbanowyň toparymyzda hödürlenýän kitabynda durmuşyň jümmüşine aralaşýan, gyzgalaňly , dartgynly wakalara baý , döwrüň aktual meselelerine ýüzlenen eserler girizilen.
Aşgabat:Turan1, 1994. - 210s.
Romanyň awtory - durmuşyň çarkandakly , öwrümli ýollaryny geçen , onuň ajysyny-süýjüsini dadan adam. Şonuň üçin-de , onuň tötänleýin hata zerarly gözenegiň aňyrsyna düşen baş gahrymanynyň başdan geçirýän wakalary , azatlyga ymtylyşy dartgynly hem-de ynandyryjy beýan edilýär.
Aşgabat: Ylym, 2011. — 76 s.
Физическая культура
Bedenterbiýe okuw terbiýeçilik işiniň aýrylmaz bir bölegidir. Bedenterbiýäniň berlişi ylmyň gazananlary bilen sazlaşykly bolmalydyr. Orta hünär okuw mekdeplerinde bedenterbiýe sapagynyň okadylmagy hem bu wezipäniň oňyn çözülmegine gönükdirilendir. Sebäbi beden terbiýe dersiniň esasy adam synalaryny beden taýdan ösdürmekden,...
Aşgabat: Ylym, 2010. — 386 s.
Bu kitap türkmen taryhynyň Oguz han eýýamynyň ösüşli aýratynlyklaryny bar bolan maglumatlara esaslanyp,çuňňur öwrenmäge niýetlenendir. Ŷurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna,talyp ýaşlaryna we giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen bu kitapda türkmen taryhynyň şöhratly sahypalary bolan Jeýtun medeniýeti, Änew medeniýeti,Altyndepe we...
Терҗиме Гурбаннепесов А., Хоҗамырадов Г. — Ашгабат: Рух, 1992. — 192 с. Карнеги Дейл, Карнеги Дороти. Как завоевывать друзей и оказывать влияние на людей Carnegie Dale. How to Win Friends & Influence People Karnegi D. Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli Kitаpdа belli аkyldаrlаryň аýdаn dаnа sözlerine, nаkyllаrа, şu mesele bоýunçа tоplаnаn ylmy mаglumаtlаrа...
Aşgabat : MIRAS, 2005. — 272 s. Аль-Джахиз. Книга о скупых الجاحظ. كتاب البخلاء Gündogar halklary hakynda ilkinjileriň biri bolup eser ýazan VIII-IX asyryň görnükli alymy we akyldary Abu Osman Jahyzyň edebi mirasy dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda uly orna myna-sypdyr. Durmuşyň her hili hadysalary, ynsanperwerlik, sahylyk, ygrar-lylyk, edep-terbiýe ýaly ahlak gymmatlyklary...
Aşgabat : MIRAS, 2005. — 400 s.
Ыльясова Г. (сост.) Поэзия молодых женщин
Bu gün toparymyzyň agzalaryna hödürlenýän bu kitapda külli türkmen eneleriniň ýaşlykda aýdan läledir monjugatdy bentleri, şeýle-de olaryň eziz balalaryny huwwalan hüwdüleri ýerleşdirilendir. Bu çugdamja, ajaýyp bentlerden ygrarlylygy, lebzi halallygy, watansöýüjiligi, mertligi, zähmetsöýerligi,...
Aşgabat : MIRAS, 2005. — 47 s.
Ашхабат — город божественного Арсага
Страницы истории города. Посвящается 2500-летию Ашхабада.
Şu gün size toparymyzyň agzalarynyň biri Pälwan Muhyýew tarapyndan PDF görnüşe geçirilen "Aşgabat - Keramatly Ärsagyň şäheri" kitabyny ýetirýäris. Kitap Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009. — 165 s.
Toparymyzda orta mekdepleriň Türkmenistanyň taryhy dersinden okuw kitaplarynynyň 7,8,11-nji synplar üçin niýetlenen görnüşini siz bilen paýlaşanymyza köp wagt bolanok, emma bu gün 9-njy synplaryň okuw kitaby hem siziň eliňizde. Kitapda siz Türkmenistanyň baknalyk döwri we olaryň erkinlik ugrundaky göreşleri , 18-19-njy...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009. — 130 s.
Ýakynda toparymyzda orta mekdepleriň 7-nji synpy üçin niýetlenen Türkmenistanyň taryhy kitabyny paýlaşypdyk, bu gün bolsa 8-nji synplaryň okuw kitaby siziň eliňizde. Eýsem siz bu kitapdan Türkmen halkynyň taryhynyň haýsy döwürlerini öwrenip bilersiňiz? Kitap üç bölümden ybarat bolup durýar. 1-nji bölüminde Garahanly ,...
Aşgabat : MIRAS, 2005. — 224 s.
Bu gün toparymyzda Hüseýin Baýgaranyň «Diwany» ilkinji gezek okyjylara hödürlenýär. XV asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Baýgara türkmenleriň arasynda Soltansöýün ady bilen meşhur bolup, ol hakynda dürli hekaýatlar, rowaýatlar, şorta sözler ilat arasynda meşhurdyr. Ol hakyndaky «Myraly hem Soltansöýün» atly dessany türkmen bagşylary şu...
Türkmenistan : Oka , öwren , döret! topary, 2015. — 280 s. Bu gün toparymyzda çeper eserleri okamagy söýýän ençeme agzalarymyz üçin ýakymly täzelik bar. Uzak garaşylan , dünýä belli meşhur jadygöý oglanjyk Harri Potteriň başdan geçirmelerini özünde jemleýän "Harri Potter hem-de jadygöýiň daşy" erteki-romany bu gün dolylygyna toparymyzda. Kitap hakda gysgaça tanyşdyrsak, Joan...
Orta mekdepleriň 8-nji synplary üçin kitaby. — Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2006. — 44 s.
Bu gün mekdep döwrümizde ählimiziň elimizden geçen kitaplaryň ýene biri, 8-nji synplar üçin niýetlenen geometriýadan synag okuw kitaby ilkinji gezek toparymyzda. Elbetde ýadyňyzda bolsa ozal toparda algebra dersinden 6 , 7, 8-nji synplaryň okuw kitaplary goýuldy. Kitap iki...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009. — 270 s.
Bu gün dost oglanlarymyzyň biri tarapyndan ýörite skaneriň kömegi bilen taýýarlanylan, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 7-nji synplary üçin niýetlenen Türkmenistanyň taryhy kitabyny ilkinji gezek toparymyzda paýlaşýarys.
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010. — 384 s.
Okuw kitaby Arbitraž iş ýöredişi dersi boýunça ýokary okuw mekdeplerinde hukuk bilimlerini özleşdirýän talyplar üçin niýetlenýär. Onda arbitraž iş ýörediş hukugynyň esasy prosessual düşünjeleri, institutlary, iş ýöredişiň tapgyrlary giňişleýin öwrenilýär, ylmy-tejribe nukdaýnazaryndan esaslandyrylan anyk teklipler edilýär.
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. — 160 s.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda, ýurdumyz bilim ulgamynda islendik ugra degişli ýokary derejeli kitaplar bilen üpjün edilýär. Şeýle kitaplaryň biri hem, Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde "Pediatriýa" dersini okatmagyň maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylan "Pediatriýa" dersinden synag okuw...
Aşgabat: Miras, 2004. — 360 s.
«Medinede Muhammetden» soň «Türküstanda Hoja Ahmet» diýdiren, türkmeniň meşhur piri Hoja Ahmet Ýasawy seljuk türkmenleri zamanynda ýaşap, ajaýyp hikmetleri ýazyp galdyran ussat şahyrdyr. 800 ýyllap dowam eden uly bir edebi mekdebi galdyran Hoja Ahmet Ýasawy seljuk türkmenleri döwründe döwlet diliniň pars dilidigine garamazdan, ilkinji bolup oguz...
Ашхабад: Туркменская государственная издательская служба, 2014. — 208 с. Пробный учебник для 11 класса с русским языком обучения общеобразовательных средних школ. Введение. Отражение общественно-политического развития в литературе 30-х годов и в других видах искусства. Обзор Платонов Андрей Платонович. Повести и рассказы А. П. Платонова. Булгаков Михаил Афанасьевич. Булгаков –...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. — 240 s.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda orta mekdepleriň okuw ýylynyň köpeldilmegi ýaş nesillerimizde döwrebap bilim bermegiň hilinde hem örän uly rol oýnady. Häzirki wagtda internet ulgamlarynda täze okuw kitaplarynyň hem ençemesi orun tapdy , şol sanda hem ilkinji gezek bu gün biziň toparymyzda orta mekdepleriň...
Aşgabat: MIRAS, 2004. — 193 s.
Toparymyzda soňky wagtlarda okuw kitaplary bilen bir hatarda, türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklaryny öz içine alýan ajaýyp eserler hem köpelmek bilen. Şolaryň biri hem türkmen we pars dillerinde eser döreden Isferden obasynda (Gökdepe etrabynyň Isferden obasy) ýaşan Arif tahallusly Abdylwahhap Hojanyň ogly Patyşa Hojanyň «Gülzar» eseridir. Kitap...
Aşgabat: Miras, 2004. — 176 s.
Легенды о замках Туркмении. На туркменском языке.
Türkmen galalary hakyndaky rowaýatlar kitaby bu gün toparymyzda ilkinji gezek goýulýar . Ýygyndy Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda saklanýan birnäçe çeşmeler esasynda taýýar edildi. Türkmen galalary hakyndaky rowaýatlar medeni we ruhy...
Okuwa girýänler üçin gollanma. — Aşgabat : 2008. — 153 s. Физика. Пособие для начинающих. Для студентов и учителей физики Bu gollanma ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler , mekdep okuwçylary we fizika mugallymlary üçin taýýarlanyldy. Kitapda esasy soraglaryň 150 sanysynyň mazmuny getirilip, okuwa girmäge taýýarlyk görýän dalaşgärler degişli soragyň...
Aşgabat: MIRAS, 2004. — 240 p.
XV asyryň görnükli söz ussady Abdyrahman Jamynyň edebi mirasy diňe bir Gündogar edebiýatynda däl, eýsem dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Ýazylanyna bäş asyrdan gowrak wagt geçendigine garamazdan, özüniň gymmatyny barha artdyrýan şahyryň meşhur «Baharystan» eseri köp dillere terjime edilip, bütindünýä okyjylary tarapyndan...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. — 152 s.
Ýadyňyzda bolsa ýakynda türkmen we rus mekdepleriniň 11-nji synplary üçin rus dili kitabyny paýlaşypdyk. Bu gün bolsa size türkmen dili kitabynyň rus mekdepleri üçin görnüşini hödürleýäris. Kitap B.Baýjanow tarapyndan ýazyldy. Kitap hakynda öz dostlaryňyzada habar ediň, çünki olara-da geregi çykyp biler. Şeýle hem ýakyn...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. — 103 s.
Ýadyňyzda bolsa ýakynda türkmen we rus mekdepleriniň 11-nji synplary üçin rus dili kitabyny paýlaşypdyk. Bu gün bolsa size türkmen dili kitabynyň türkmen mekdepleri üçin görnüşini hödürleýäris. Kitap B.Weýisow , G.Babaýewa tarapyndan ýazyldy. Kitap hakynda öz dostlaryňyzada habar ediň, çünki olara-da geregi çykyp biler....
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. — 328 s.
«Halkara walýuta-maliýe gatnaşyklary» okuw kitaby alty bapdan ybarat bolup, onda halkara walýuta-maliýe gatnaşyklarynyň we walýutanyň manysy, walýuta ulgamlary, walýuta gatnaşyklary, walýuta kursy we onuň görnüşleri, walýuta ulgamynyň taryhy ösüş döwürleri, halkara töleg balansy we onuň maddalary, halkara walýuta...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2006. — 320 s. Toparymyzda 6-njy we 7-nji synplar üçin fizikadan okuw kitabynyň goýulanyna uzak wagt geçenok, eger ol kitaplary özüňize alan bolsaňyz, bu gün 8-nji synplaryň fizika kitaby hem siziň eliňizde. G.Toýlyýew, H.Hydyrow, Ö.Allakow, Ç.Gurbangeldiýew tarapyndan ýazylan bu kitapda siz fizikanyň kinematikanyň esaslary , dinamikanyň...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. — 144 s.
Birnäçe agzalarymyzyň haýyşy boýunça, lukmançylyk orta okuw mekdepleri üçin synag okuw kitaby bolan "Akuşerçilik" kitaby. Bu kitap lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasyna laýyklykda ýazylyp, umumy hünärli şepagat uýalary üçin niýetlenendir. Okuw kitabynda göwrelilik, dogrum, dogrumdan soňky döwürlerde...
Aşgabat: Miras, 2005. — 296 s.
Türkmen halkynyň taryhynda görnükli döwlet işgäri, serkerdesi we meşhur söz ussady hökmünde öçmejek yz galdyran Babyryň «Diwany» jemgyýet, ynsan ahlagy, söýgi barada şahyrana duýgulary özünde jemleýär. Türkmen edebiýatynyň şanly sahypalarynda mynasyp orun alan Babyryň «Diwany» şu günki we geljekki nesilleriň ruhy kämilligi üçin gymmatly ruhy...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. — 256 s.
Bu okuw gollanmasy ykdysadyýet we maliýe ugrundan okaýan talyplar, mugallymlar, ylmy işgärler üçin niýetlenýär. Okuw gollanmasynda ýurdumyzdaky maliýe işleriniň gysgaça taryhy, onuň ösüşi we Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde mundan beýläk-de kämilleşmegi, maliýäniň mazmuny we wezipeleri, býujet syýasaty we beýleki...
Aşgabat: Ylym neşirýaty, 2011. — 96 s.
Kitapda uly gerimli jaýlar we belent inženerçilik binalary, olaryň gurnalyşynyň tehnologiki aýratynlyklary barada maglumatlar getirilýär we olaryň nazaryýetine, hasaplamasyna seredilýär. Şeýle hem senagat jaýlarynyň gurnalýan döwründe käbir konstruksiýalaryň elementleriniň tehnologiki şertleri dogry ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda ýüze...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. — 137 s. Bu okuw gollanmasy ykdysady hünärler boýunça hususanda, daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça taýýarlanýan talyplar, bu ugurda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenler, şeýle-de halkara gatnaşyklar bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenýär.
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. — 401 s.
Şu gün birnäçe agzalarymyzyň haýyşy boýunça, J.Ş.Tursunow we beýlekiler tarapyndan ýazylan "Pedagogika" boýunça okuw kitabyny toparymyzda ýerleşdirýäris. Bu okuw kitaby pedagogikanyň umumy esaslary, pedagogiki pikiriň ösüş taryhy, okatmak we terbiýelemek nazaryýeti, mekdebi dolandyrmak meseleleri, pedagogiki ylmyň we...
Aşgabat: Miras, 2004. — 304 s.
Bu gün toparymyzda edebiýaty söýüjiler üçin Seýitmuhammet Saýadynyň "Zöhre-Tahyr" dessanyny hödürleýäris.Seýitmuhammet Saýadynyň «Zöhre-Tahyr» dessany Türkmenbaşy adyndaky TMGI-de bar bolan nusgalar esasynda çapa taýýarlanyldy. Saýadynyň bu dessany Gündogarda giňden ýaýran «Zöhre-Tahyr» ýordumy boýunça döredilen türkmen dilindäki ilkinji ýazarly...
Aşgabat: Ylym, 2011. — 272 s.
Kitapda filosofiýanyň esasy ugurlary bolan ontologiýanyň, gnoseologiýanyň, filosofik antropologiýanyň we sosial filosofiýanyň baş düşünjeleri, filosofiýanyň ösüş taryhyna degişli maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Okuw kitaby jemi 11 baby özünde jemleýän 3 bölümden ybarat bolup, ol iki awtor – sosiologiýa ylymlarynyň doktory, professor...
Aşgabat: Miras, 2004. — 144 s.
Туркменские анекдоты
Bu ýygynda Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda saklanýan, öňki neşirlere girmedik, halkymyzyň durmuşy bilen gönüden-göni baglanyşykly, belli bir çeperçilik ähmiýetine eýe bolan şorta sözler girizildi. Olar ýurdumyzyň dürli sebitlerinden toplanyp, hakyky milliligi,...
Aşgabat, 2015. — 75 s. Eger www.ertir.com saýtyna girip-çykýan bolsaňyz, onda Ashyrhan agzany tanaýansyňyz. Ol okuwynyň daşyndan goşgy düzmek bilen hem meşgullanýar, Aşyr Hanowyň goşgylaryny okan her bir agza bu ýaş ýigidiň geljekde şygryýet äleminde uly ädimleriň garaşýandygyny duýsa gerek. Aşyryň özi hem biziň toparymyzda agza , oňa geljekde-de şygryýet äleminde uly...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. — 496 s.
Okuw kitabynda dersiň maksady, wezipeleri, geografiýa ylmynyň pudagy hökmünde onuň barlag usullary, emele geliş taryhy, onuň esaslary hakynda umumy düşünjeler, garaýyşlar, ykdysady we durmuş geografiýasynyň tag lymat esaslary, kanunlary, kanunalaýyklyklary, önümçiligi ýerleşdirmekligiň şertleri, döwletleriň hojalyk...
Aşgabat: Ylym, 2008. — 256 s. Kitap mekdeplerde okaýan geljekki hünärmenler üçin okuw gollanmasy hökmünde ýazyldy. Onda häzirki zaman kompýuter tilsimatynyň has giň ýaýran MS Office maksatnamalar toplumyna girýän MS Excel maksatnamasynda işlemegiň we anyk ykdysady hasaplamalary geçirmegiň tilsimi , MS PowerPoint maksatnamasynda öz işiňi mahabatlandyrmagyň yzygiderliligi, anyk...
Aşgabat: Ylym, 2010. — 88 s. Şu gün toparymyzda ilkinji gezek Ý.Ýagmyrow tarapyndan ýazylyp, 2010-njy ýylda "Ylym" neşirýaty tarapyndan çap edilen "Demir ýol gurluşygynyň tehnologiýasy , mehanizasiýasy we awtomatizasiýasy" kitabyny hödürleýäris. Bu okuw gollanmasy ýokary okuw mekdepleriniň Ulagda gatnawy gurnamak we hereketi dolandyrmak, Ulag we aragatnaşyk kärhanalarynda...
Mugallymçylyk mekdepleri üçin synag okuw kitaby — Aşgabat: Ylym, 2010. — 255 s.
Психология. Экспериментальное учебное пособие для педагогических училищ
Häzirki döwürde ýokary okuw jaýlaryynyň köpüsinde psihologiýa dersi talyplara öwredilýär. Bizem şu gün toparymyzda bu derse degişli, ýokary okuw mekdepler üçin niýetlenen okuw kitabyny hödürleýäris. Psihologiýa – bu adamlaryň...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2003. — 232 s.
Toparymyzda täze agzalarymyzyň köpelmegi netijesinde täze türkmen dilindäki kitaplar hem köpelýär. Bu günki size hödürleýän kitaplarymyzyň biri hem, mekdep döwrümizde köpümiziň elimizden geçen kitaplaryň biri bolan, 6-njy synplar üçin fizikadan okuw kitaby. Kitabyň I,II,V bölümlerini H.Hydyrow , III bölümini...
2015.
На туркменском языке.
Awesta – zoroastrizm dininiň keramatly kitaby. Beýleki keramatly kitaplar ýaly (Injil, Kuran) Awesta hem dürli wagtlarda Eýranda, Orta Aziýada bar bolan dürli meseleleri öz içine alýar. Onuň gadymy bölümleri Zaratuştra tarapyndan ýazylypdyr. Awestada adamzadyň tebigat, zatlaryň gurluşy we döreýşi hakdaky ilkinji filosofik oýlanmalary bar....
2010. — 204 sah.
Избранные стихотворения
Türkmen halkynyň söýüp okaýan şahyrlarynyň birisi Berdinazar Hudaýnazarowdyr. Özi dünýäden gaýdandan soň birinji gezek neşir edilýän bu kitaba Berdinazar şahyryň saýlama goşgulary girizildi. Adamy adamkärçilige çagyrmak Berdinazar Hudaýnazarowyň şygryýet dünýäsiniň durky özenidir. Milli öwüşgin bilen bezelen şygyrlarda ynsan...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. — 416 p.
Ýokary okuw mekdepleri üçin synag okuw kitaby.
Bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň inžener-tehniki hünärleriniň maksatnamasynyň esasynda ýazyldy.Kitap sekiz bölümden durýar. Olarda mehanikanyň we molekulýar fizikanyň esaslaryna, şeýle-de termodinamikanyň, elektrostatikanyň hem-de hemişelik toguň, magnit...
Arap ertekileri. — 2015. Тысяча и одна ночь Megerem türkmen okyjylarynyň içinde "Müň bir gijäniň" adyny eşitmedik ýok bolsa gerek. Şu gün toparymyzda bu eseriň türkmen dilindäki nusgasyny agzalarymyz bilen ilkinji paýlaşýarys. Eýsem "Müň bir gije" nähili eser we nirede döredi? "Müň bir gijäniň" özi, her gün agşam bir gyzy ýanynda ýatyryp, ertesi-de ony öldürýän birehim Şähriýar...
Aşgabat: Ylym, 2009. — 192 sah. Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän "Saglyk" maksatnamasy lukmançylyk işgärleriniň önünde uly wezipeleri goýdy . Şol wezipeleri amala aşyrmak lukmançylyk ýokary okuw mekdebinde ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagy, çuňlaşdyrmagy we okuw işleriniň geçirilişini...